Google maglumat merkezlerini täze görnüşli “arassa” energiýa bilen üpjün edýär
27.10.2025 | 12:05 |Google kompaniýasy Illinoýs ştatynyň golaýynda gurlup başlan täze gaz elektrik stansiýasy — Broadwing Energy Center bilen elektrik energiýasyny satyn almak boýunça korporatiw şertnamasyny baglaşdy. Kuwwaty 400 megawatt bolan bu desgada kömürturşy gazyny (CO₂) tutmak we saklamak boýunça ulgam (CCS) ornaşdyrylar, bu ulgam zyňyndylary takmynan 90% azaldyp biler.
Elektrik stansiýasy sebitdäki Google kompaniýasynyň maglumat merkezlerini energiýa bilen üpjün eder. Alynýan elektrik energiýasynyň we bugyň bir bölegi ýakynlykda ýerleşýän Archer Daniels Midland (ADM) kärhanasyna hem ugradylar.
Taslama Low Carbon Infrastructure kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. Elektrik stansiýasynyň we CCS ulgamynyň işe girizilmegi 2030-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär. Ýakyn ýerde eýýäm ýylsaýyn millionlarça tonna CO₂ saklanýan ADM-nyň uglerod ammary hereket edýär.
Broadwing Energy Center ABŞ-da kömürturşy gazyny tutmak we saklamak boýunça doly işleýän ulgama eýe bolan ilkinji täjirçilik gaz desgasy bolar.