Iň täze habarlar

Microsoft “Mico” — Copilot-yň täze keşbini tanyşdyrdy

27.10.2025 | 14:55 |
 Microsoft “Mico” — Copilot-yň täze keşbini tanyşdyrdy

Microsoft kompaniýasy “Mico” atly täze keşbini tanyşdyrdy. Ol Copilot emeli aň ulgamynyň wizual keşbi bolar. Täze keşp meşhur ofis kömekçisi Clippy-den ylham alyndy we Copilot-yň sesli görnüşi ulanylanda ekranda peýda bolar.

Mico ady Microsoft Copilot sözleriniň gysgalmasyndan emele geldi. Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu keşp emeli aň bilen özara gatnaşygy has şahsylaşdyrmak we tanalmagyny ýeňilleşdirmek üçin döredildi.

Ulanyjy Copilot-yň sesli tertibini işledende Mico ekranda görkeziler. Microsoft kompaniýasynyň bellemegine görä, keşbiň dizaýnyny işläp taýýarlamakda Clippy-niň elementlerinden peýdalanyldy. Birnäçe gezek basyşlarda Mico gysga wagtlaýyn Clippy görnüşine öwrülýär.

Täze aýratynlyk eýýäm ABŞ, Kanada we Beýik Britaniýa ulanyjylaryna elýeterlidir. Microsoft-nyň maglumatyna görä, Mico öňki aragatnaşyk ýagdaýlaryny ýatda saklap, ulanyjylaryň berýän täsirleriniň esasynda öwrenip bilýär.

Foto: MIcrosoft

Şeýle hem okaň: