Iň täze habarlar

Türkmenistanly talyplar Bolgariýada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 7 medal gazandylar

07.08.2025 | 18:00 |
 Türkmenistanly talyplar Bolgariýada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 7 medal gazandylar

27-nji iýuldan 3-nji awgusta çenli Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde talyplaryň arasynda 32-nji Halkara Matematika Olimpiadasy (IMC-2025) geçirildi. Türkmenistanly talyplar ýaryşda üstünlik gazanyp, şahsy birinjilikde 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medaly eýelediler.

Olimpiada dünýäniň 52 ýurdundan 434 talyp gatnaşdy. Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar algebradan, analizden, kombinatorikadan we geometriýadan kyn meseleleri çözdüler. Türkmenistanyň toparyna ýurduň öňdebaryjy bäş ýokary okuw mekdebinden talyplar girdi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty we Türkmenistanyň Energetika instituty.

Olimpiada gatnaşmak talyplar üçin diňe bir matematiki başarnyklaryny barlamak däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeginden ýaşlar bilen tanyşmak we dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin-de möhüm mümkinçilik boldy.

ORIENT

Foto: bilim.tm

Şeýle hem okaň: