Iň täze habarlar

Microsoft meşhur Microsoft Lens skaneriniň işledilşini bes edýär

11.08.2025 | 14:10 |
 Microsoft meşhur Microsoft Lens skaneriniň işledilşini bes edýär

Microsoft resminama skanirlemek üçin meşhur Microsoft Lens mobil programmasynyň işini tapgyrlaýyn togtadýar. Hyzmatyň doly togtadylyşy 2025-nji ýylyň dekabryna bellenildi. Kompaniýa bu karary özünde meňzeş funksiýalary birleşdirýän Microsoft 365 Copilot atly bitewi platforma geçmek bilen düşündirdi.

2014-nji ýylda işe girizilen programma Microsoft-iň iň köp ulanylýan mugt gurallarynyň biri bolup, 50 milliondan gowrak gezek ýüklendi. Ol resminamalary skanirlemek, teksti sanly formata geçirmek we faýllary PDF, Word we Excel görnüşlerine öwürmek mümkinçiligini berýärdi.

Togtadylma prosesi birnäçe tapgyrda amala aşyrylar: sentýabr aýynyň ortalaryndan programma täzelenmelerden mahrum bolar, oktýabrda onuň ýüklenilmegi bes ediler, dekabrda bolsa skanirleme boýunça ähli funksiýalar doly togtadylar. Microsoft 365 Copilot-a geçen ulanyjylara şular ýaly mümkinçilikler elýeterli bolar, öňki maglumatlary bolsa howpsuz saklanar.

ORIENT

Foto: Microsoft

Şeýle hem okaň: