Möwç urýan deňizdäki durnuklylygyň adasy: Merkezi Aziýa howpsuz, ýadrosyz dünýäni gurýar
09.08.2025 | 23:45 |Biz XXI asyryň birinji çärýeginiň ahyryna ýakynlaşýarys (bu döwrüň adamzat üçin bulutsyzdygyny aýtmaga het edip bilmerin) ...
Emma şu pursatda biz Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna gadam basdyk. Häzirki döwrümizde hut şu ruhy gymmatlyklaryň – Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň – adamzadyň arasynda ýetmezçilik edýän zat, sebäbi dünýä dürli ugurlara çekýän güýç merkezleriniň arasynda bölünip dur. Häzirki wagtda syýasy ulgamda, ideologiýada, ahlak ýörelgelerine we ruhy ugurlara baha bermekde dürli ulgamlaryň arasyndaky gapma-garşylyk öňküsinden has-da güýçlenýär.
Iň aladaly zat – häzirki zaman dünýäde öňküsinden has güýçli derejede harby gapma-garşylyklaryň güýçlenmegidir. Ýöne has erbeti – häzirki wagtda «gyzgyn kelleleriň» işjeňlik görkezmegidir. Olar garşylykly gapma-garşylyklary çözmek üçin adamzat taryhyndaky iň howply oýlap tapylan zady – adamzadyň özüni ýok edip biljek ýaragy ulanmakdan gaça durmaýarlar.
Olaryň ýaraglaryň toparyny bolsa, “Homo Insipiens” (Akylsyz Adam – gös-göni manysynda) öz arsenalynda jemläpdir: wodorod bombalary, göwrümli partlaýjy ok-däri, fosforly ýaraglar we beýleki köpçülikleýin ýok ediş ýaraglary – biologiki, howa, ş.m. Olaryň iň soňkusy – köpçülikleýin zyýanly kiber ýarag. Ilkinji döredileni bolsa – ýadro bombasy boldy.
Haçan-da ony «Manhetteniň taslamasy» hem-de «SSSR-iň atom taslamasy» çäklerinde döredilende, köp ýyllap bize bu ýaragy amaly taýdan ulanmak üçin däl-de, diňe saklaýyş faktory hökmünde ulanylýandygy aýdylýardy. Ýöne iň gynançlysy, bu weýran edeiji ýarag şol döwürde eýýäm iki gezek ulanylypdy. Şu gün bolsa onuň ikinji gezek ulanylyşynyň pajygaly senesi.
Şu gün biz ýadro ýaragynyň ikinji gezek ulanylyşynyň pajygaly senesini ýatlaýarys: 80 ýyl mundan ozal, 1945-nji ýylyň 9-njy awgustynda, Nagasaka «Semiz adam» (Fat Man) atly bomba zyňyldy. Ondan üç gün öň, 6-njy awgustda bolsa, «Çagajyk» (Little Boy) atly bomba Hirosimany ýok edipdi. Bu bombalara berlen gülkünç atlar olaryň elhenç güýçleri bilen düýpli gapma-garşylyk döredýärdi.
Şondan bäri adamzadyň taryhy iki döwre bölünýär – 1945-nji ýylyň 6-njy awgustyndan öňki we soňky döwür. Şol gün amerikan harbylary ýokary gizlinlik derejesindäki küýzeden atom jynyny goýberdiler. Eger şol senä çenli agressor diňe bir taýpany, şäheri ýa-da bir döwleti ýok edip bilýärdi. Emma şol günki agyr netijelerden soň, indi tutuş adamzady ýok etmegiň mümkinçiligi ýüze çykdy.
Şol pajygaly gün «Enola Gay» atly bomba oklaýan uçar «Çagajygy» (Little Boy) Hirosima oklady. Bu bomba ägirt uly şäheri guma öwürdi, apokaliptiki oduň arasynda onuň ilatyny ýakyp kül etdi.
Üç gün soň — 9-njy awgustda (Beýik Ýeňşiň gazabylmagyndan göni bir aý öň) — Amerikanyň “Semiz adam” (Fat Man) atly ýadro bombasy Ýaponiýanyň Nagasaki şäherini ýok etdi. Aslynda, şeýle heläkçilik ýaponiýanyň başga bir ýapon şäherind – Kokurada bolmalyd. Emma şäheriň üstünde dörän gaty bulutly howa sebäpli uçarmanlar zäherli ýüklerini golaýdaky Nagasaki şäherine zyňmaga mejbur boldular...
Häzirki döwürde dünýäde ýagdaý şonça bir gapma-garşylyga we dartgynlylyga eýe boldy welin, indi diňe ýadro ýaragy ulanylyp bilner diýen myş-myşlar däl, eýsem, bu hakda aç-açan beýanatlar edilmegi hem adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu bolsa bütin dünýä jemgyýetçiliginde uly aladalary döredýär.
Merkezi Aziýa sebitiniň taryhy tejribesi bolsa ýadro ruletkasy bilen oýnamagyň nähili howplydygyny aýdyň görkezýär. Sebit eýýäm şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi: Merkezi Aziýanyň demirgazyk-gündogarynda ýadro synaglary geçirilýärdi. Bu synaglar diňe ýurtlaryň garaşsyzlygyny gazanmagy bilen bes edilipdi.
1994-nji ýylda bolsa, Türkmenistan ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk boýunça Ylalaşyga, dört ýyl soň bolsa — ýadro ýaragynyň synaglaryny gadagan etmek boýunça Ylalaşyga goşuldy. Bu ädimler birnäçe halkara hukuk resminamalary bilen berkidildi.
Sebitde howpsuzlygyň gazanylmagyna tarap alnyp barlan bu çylşyrymly ýol boyunca Merkezi Aziýa Birleşen Milletler Guramasynyň netijeli goldawyna eýe bolup geldi.
Şol işleriň iň möhüm netijesi hökmünde, 2006-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Semipalatinskde gol çekilen Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamasy bolup durýar. Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan oňa gatnaşyjy bolup çykyş etdi. Şertnama 2009-njy ýylyň 21-nji martynda güýje girdi.
Bu ädim bilen tutuş sebiti ýadro ýaragyndan azat diýen derejä eýe etdi. Bu Şertnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara abraýyny ýokarlandyrdy, olaryň parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky ynamly syýasatyny görkezdi. Şeýle ýadro ýaragyndan azat zolagyň döredilmegi bir tarapdan — ýadro tehnologiýalarynyň we serişdeleriniň sebite ýaýramagynyň öňüni alýar, beýleki tarapdan bolsa — sebitiň ýurtlarynyň arasynda ynamy pugtalandyrýar.
Ýadro ýaraglarynyň ýaýramagyna garşy göreşde möhüm çäreleriň biri hem parahatçylyk dörediji gurluşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak boldy. Bu ugurda aýratyn ähmiýete eýe bolan waka bolsa, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Merkezi Aziýanyň ýadro ýaragyndan azat zolagy bilen Afrikanyň ýadro energiýasy boýunça komissiýasynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamadyr.
Geçen ýylda, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli, Aşgabatda bu möhüm resmana gol çekmäne gatnaşan döwletleriň wekileriniň gatnaşmagynda ýubileý maslahaty geçirildi.
Bu Şertnama, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň sözlerine görä bu şertnama şol wagt uly öňegidişlik bolup, umumy ýaragsyzlanmak we howpsuzlyk ugrundaky sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini açdy.
Şol maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak bilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň (OPANAL) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama şeýle hem “Ýadro ýaragyndan azat sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy” atly Jemleýji resminama gol çekildi. Bu bolsa sebit derejesindäki tagallalaryň ählumumy derejede birleşýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň bitaraplygynyň parahatçylyk döredijilikli pozisiýasyny aýdyň görkezýän halkara resminamalaryň ýene biri – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamadyr.
ORIENT-iň habar berşi ýaly, 18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentine halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça täze başlangyçlary beýan etdi, şeýle hem ýurduň ählumumy howpsuzlyk we ýadro energiýasyna gözegçilik meselelerindäki ornuny güýçlendirmek boýunça teklipleri öňe sürdi.
Hususan-da, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň gatnaşmagynda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen bilelikde bu guramanyň Milli maglumat merkezleri üçin sebitleýin okuw maslahatynyň geçirilmegi teklip edildi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň pikiriçe, bu çäre “tejribe alyşmagyna we sebitleýin utgaşdyryşyň pugtalandyrylmagyna” ýardam eder.
Şeýle hem Türkmenistanyň degişli edaralarynyň Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky Şertnama laýyklykda halkara monitoring ulgamynyň maglumatlaryny ulanmak mehanizmini ýola goýmak we Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlar öňe sürüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi babatynda öňe sürlen möhüm başlangyçlary dolulygyna makullady.
...Şeýlelikde, harby we geosyýasy çaknyşyklaryň joş urýan deňzinde biziň sebitimiz diňe bir parahatçylygyň däl, eýsem, parahatçylygy döredijiligiň hem adasyna öwrüldi. Hatda Merkezi Aziýanyň golaýynda dokuz sany ýadro ýaragyna eýe bolan döwletiniň dördüsiniň ýerleşýändigine garamazdan.
Ýöne ýadro klubynyň ýene biri, onunjy agzasy hem bardy — Günorta Afrika Respublikasy. Ýöne ol 1990-njy ýyllaryň başynda öz güýji bilen işläp düzen ýadro ýaragyny ýok edip, bu ugurda ähli işleri togtadyp, dünýäde ilkinji bolup ondan meýletin ýüz öwürdi.
Bu — gowy nusga, ýöne häzirki günüň şertlerinde bu diýseň hyýaly bir ýagdaý bolup görünýär.
Görünýän geljekde Merkezi Aziýa üçin ýadro howpsuzlygy boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, şeýle hem ýadro ýaragyndan azat zolagyň beýleki sebitlere-de giňeldilmegi meýilleşdirilýär. Geografiki taýdan seredilende, şeýle zolaklaryň Kawkaza, Owganystana we umumylykda Hazaryň deňiz zolagyna çenli giňeldilmegi möhüm we zerur bolup görünýär.
Uzak möhletleýin geljekde Merkezi Aziýa ýaly ýadro ýaragyndan azat sebitleriň dünýä ýüzünde ýaýramagy bilen olar ählumumy parahatçylyk üçin göreşde bitewi güýje öwrülmeli we ählumumy howpsuzlygynyň umumy ulgamyny döretmek ugrunda güýçlerini birleşdirmelidirler.
Bu, erteki ýaly bolup eşidilýär. Ýöne muňa örän ynanasymyz gelýär.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi