Iň täze habarlar

Hytaý elektrik energiýasyny öndürmek üçin “emeli Gün” gurýar

27.10.2025 | 18:40 |
 Hytaý elektrik energiýasyny öndürmek üçin “emeli Gün” gurýar

Hytaý Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde BEST (High Confinement Experimental Tokamak Reactor) atly täze ýadro-termosintez reaktorynyň gurulýandygyny yglan etdi. Bu reaktor çäksiz “arassa” energiýany öndürmek üçin niýetlenendir we ony 2027-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär.

“Emeli Gün” adyny alan bu reaktor Günüň içindäki ýaly ýadro sintezi kadasynyň esasynda işleýär. Bu prosesiň dowamynda wodorodyň ýadrolary birleşip, gelini emele getirýär, şonda bolsa uzak möhletleýin radioaktiw galyndy döretmän energiýa bölünip çykýar.

Reaktordaky sintez prosesi Tokamak görnüşindäki enjamda amala aşyrylýar, ol ýerde plazma Selsiý boýunça 150 million gradus derejesindäki temperaturadan hem ýokary gyzdyrylýar — bu Günüň ýadrosynyň temperaturasyndan hem ýokarydyr. Maksat — atom ýadrolarynyň birleşmegini üpjün edip, elektrik energiýasyny öndürmekdir.

BEST taslamasy Hytaýyň termo ýadro energiýasy boýunça alyp barýan barlaglarynyň dowamydyr. 2021-nji ýylda EAST tejribe reaktory plazmany Selsiý boýunça 120 million gradus derejesindäki temperaturasyna çenli gyzdyryp, ony 101 sekunt saklamagy başardy we dünýä rekordyny goýdy.

Täze taslama diňe barlag maksatlary üçin däl, eýsem hakyky elektrik energiýasyny öndürmek üçin hem niýetlenendir. Bu taslama arkaly Hytaý işleýän “emeli Gününi” döreden ilkinji ýurt bolup biler we durnukly energetika tarap ýol açar.

Foto: Phys.org

Şeýle hem okaň: