Wakalar

KazanForum çäklerinde TR-yñ Ylymlar akademiýasy Musulman mirasyny gorap saklamak hakynda ylalaşyklara gol çeker
14.05.2025
|18:35
|1122
Aýrat Sitdikowyň aýtmagyna görä, bu ylalaşyklar Tatarystanyň, Astrahan sebitiniň, Wolga boýundaky we Merkezi Aziýa sebitindäki musulman medeniýetiniň binagärlik-taryhy mirasyny öwrenmek we gorap saklamak bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek maksadyna gönükdirilendir.

Päk ahlakly moda görkezilişi — Modest Fashion Day — Kazanda Pakistanly we Indoneziýaly dizaýnerleriň kolleksiýalary görkeziler
14.05.2025
|16:25
|864
Modest Fashion Day moda görkezilişi — sadalyk estetikasy, medeni özboluşlylyk we häzirki zaman moda akymlaryny birleşdirýän ajaýyp waka — 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 18:30-da «Korston» binasynda, «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XVI Halkara ykdysady forumyñ çäklerinde geçiriler. Podiumda Russiýanyň we dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň kolleksiýalary görkeziler.

Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty açyldy
13.05.2025
|14:25
|1078
13-nji maýda Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty (CACCC-2025) Aşgabatda öz işine başlady. Merkezi Aziýadaky sebitleýin we milli hereketler arkaly howany maliýeleşdirmek boýunça ählumumy maksada ýetmäge bagyşlanan bu esasy sebitleýin maslahaty, türkmen paýtagtynda öňdebaryjy bilermenleri, Hökümet wekillerini we halkara guramalaryny birleşdirdi

“Kazan Halal Market” ýarmarkasynda 10 ýurduñ öndürijileri öz önümlerini hödürlärler
12.05.2025
|19:02
|577
2025-nji ýylyň 13-18-nji maýy aralygynda “Kazan Ekspo” halkara sergi merkezinde “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025" atly XVI Halkara ykdysady forumy geçiriler

Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär
09.05.2025
|12:35
|623
Şu gün eziz Diýarymyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar
09.05.2025
|12:25
|388
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşýa

Prezident Serdar Berdimuhamedow: durnukly ösüşe tarap
09.05.2025
|00:38
|590
Aşgabatda 8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibi – 2025-nji ýylyň birinji dört aýynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri, esasy daşary syýasat wakalary we ýakyn geljek üçin strategiki görkezmeleri öz içine aldy

Pariždäki gepleşikler: Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa amala aşyran saparyna syn
07.05.2025
|02:25
|607
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary, dürli ugurlarda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendir

Gurbanguly Berdimuhamedow Emmanuel Makron bilen duşuşdy
06.05.2025
|05:15
|907
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji maýda duşenbe güni agşam Parižde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy

Balkanabatda Halkara howa menzili açyldy: sebitiň täze logistika merkezi
02.05.2025
|21:20
|940
Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy