Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar
09.05.2025 | 12:25 |Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşýar.
Prezidentiň uçary birnäçe wagtdan Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara howa menziline baryp gondy. Şol ýerde Türkmenistanyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenen wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Moskwa Kremline tarap ugrady. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, soňra bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Kremlden Türkmenistanyň Prezidentimiz we beýleki belent mertebeli myhmanlar – baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki daşary ýurt döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň Merkezi münberine tarap ugrady.
Moskwa Kremliniň Spassk diňindäki jaňlar ýaňlanandan soňra, Gyzyl meýdanda dabaraly Ýeňiş ýörişi başlanýar.
Dünýä taryhynda iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden bäri 80 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup, millionlarça adamlaryň gurban bolmagyna getirdi. Doganlyk halklar gazaply howpuň garşysyna jebisleşip, söweş meýdanlarynda edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýubileý dabaralaryna gatnaşmagy azat ediji gahrymanlaryň umumy edermenligine hormat–sarpanyň nyşany bolup durýar. Olar barada ýagty ýadygärlik müdimilik ýaşar.
Türkmen halky Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Biziň ildeşlerimiz frontlarda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik görkezdiler. Türkmenistanly esgerleriň edermenligi Watana söýginiň we borja wepalylygyň hakyky nusgasy bolup durýar. Uruşdan mähriban ojaklaryna gaýdyp gelmedik hem-de öýlerine Ýeňiş bilen gaýdyp gelen ildeşlerimiziň atlary köp tomluk “Hatyra” we “Şöhrat” atly kitaplara girizildi.