Iň täze habarlar

Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär

09.05.2025 | 12:35 |
 Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär

Şu gün eziz Diýarymyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňiş baýramy mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda eziz Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarymyzyň örän uly goşant goşýandyklary barada aýdylýar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr. Eziz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

002.jpg

Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ýüzden gowrak watandaşlarymyz Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Müňlerçe türkmenistanlylar söweş ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.

2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilen günleri Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak hem-de Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin türkmen paýtagtyna gelipdi. Bu barada TDH habarynda bellenilýär.

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: