Päk ahlakly moda görkezilişi — Modest Fashion Day — Kazanda Pakistanly we Indoneziýaly dizaýnerleriň kolleksiýalary görkeziler
14.05.2025 | 16:25 |Modest Fashion Day moda görkezilişi — sadalyk estetikasy, medeni özboluşlylyk we häzirki zaman moda akymlaryny birleşdirýän ajaýyp waka — 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 18:30-da «Korston» binasynda, «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XVI Halkara ykdysady forumyñ çäklerinde geçiriler. Podiumda Russiýanyň we dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň kolleksiýalary görkeziler. Olaryň her biri — stili, sadalygy we nepisligi birleşdirýän häzirki zaman modasynyň täze gözýetimi. Bu ýylyň aýratynlygy hökmünde erkekler üçin modest stilindäki birnäçe görnüşiň görkezilmegi bellenilýär.
Görkeziljek brendler we ýurtlar: Umed Kuçkaliew – Täjigistan, MIN_ZIFA – Russiýa, Ufa; MARGA – Russiýa, Wladiwostok; Aadima – Katar; Danjyo Hiyoji – Indoneziýa; Atiya Khan – Pakistan; SHEHNA HUSSAIN – BAE; we Amal Al Raisi – Oman.
Modest fashion diňe bir stil däl, eýsem filosofiýadyr. Päk ahlakly geýim adamynyň ýaşaýyş ýörelgesini we gymmatlyklaryny görkezýär. Bu ugur bütin dünýäde çalt depgin bilen meşhurlyk gazanyp, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we häzirki zaman estetikalarynyň arasynda dialog meýdançasy bolup hyzmat edýär.
Bu waka päk ahlakly moda ugrundaky dizaýnerleri goldap, olaryň halkara hünärmenler bilen tejribe alyşmagyna, aragatnaşyk gurmagyna hem-de rus we daşary ýurtly modaçylar üçin döredijilik mümkinçiliklerini görkezmegine ajaýyp platforma hödürleýär.
2025-nji ýylda Modest Fashion Day moda görkezilişi halk döredijiligini, milli däp-dessurlary we halklaryň medeni mirasyny häzirki zaman moda akymlary we dünýä estetikalary bilen birleşdirer. Täzeden döredilen podium geçmiş bilen geljegi, özboluşlylyk bilen innowasiýany birleşdirýän medeni dialog meýdançasyna öwrüler. Moda dili arkaly görkeziliş kökler bilen baglanyşyk ýitirmän geljege seretmäge mümkinçilik döreder we älemiň sazlaşygy hem-de aýlaw häsiýeti barada ýatladar.
ORIENT