KazanForum çäklerinde TR-yñ Ylymlar akademiýasy Musulman mirasyny gorap saklamak hakynda ylalaşyklara gol çeker
14.05.2025 | 18:35 |Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasy “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Halkara Merkezi Aziýa barlaglar instituty bilen ylalaşyga gol çeker. Şeýle-de, Ylymlar akademiýasynyñ, Kazan binagärlik-gurluşyk uniwersitetiniñ we Astrahan döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetiniñ arasynda üçtaraplaýyn ypalaşyga gol çekiler. Bu barada “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” forumynyň “Musulman taryhy-arheologiki mirasy: gorap saklamak, öwrenmek, dolandyrmak we syýahatçylyk” atly sessiýasyna gatnaşyjylar — Özbegistanyň Halkara Merkezi Aziýa barlaglar institutynyň direktory Ewren Rutbil, Astrahan döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetiniň rektorynyñ wezipesini ýerine ýetiriji Sergeý Strelkow we TR-yñ Ylymlar akademiýasynyñ A.H.Halikow adyndaky Arheologiýa institutynyň direktory Aýrat Sitdikow habar berdi.
Aýrat Sitdikowyň aýtmagyna görä, bu ylalaşyklar Tatarystanyň, Astrahan sebitiniň, Wolga boýundaky we Merkezi Aziýa sebitindäki musulman medeniýetiniň binagärlik-taryhy mirasyny öwrenmek we gorap saklamak bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek maksadyna gönükdirilendir.
Şeýle-de, TR-yň Ylymlar akademiýasynyñ Arheologiýa institutynyň direktorynyň bellemegine görä, Halkara Merkezi Aziýa barlaglar instituty bilen birnäçe ýyl bäri dowam edýän bilelikdäki arheologiýa mekdebiniñ taslamasy dowam etdiriler. Bu ýyl okuwlar Tatarystanda geçiriler.
Aýrat Sitdikowyñ aýtamagyna görä, binagärlik uniwersitetleri bilen üçtaraplaýyn ylalaşyk taryhy-binagärlik mirasyny öwrenmek we dikeltmek boýunça taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir. “Biz esasan Astrahan oblastyndaky Lapas obasynyň ýanyndaky mawzoleý toplumyny öwrenmäge we dikeltmäge gönükdirileris. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ Bolgar, Belýar we Kazan ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçiriljek işlere gatnaşjakdygyna ynanýarys” — diýip, Arheologiýa institutynyñ direktory aýtdy. Ewren Rutbiliň bellemegine görä, onuň ýolbaşçylygyndaky institut 12 döwleti, şol sanda Russiýa Federasiýasyny hem birleşdirýär. Ol KazanForum meýdançasy täze hyzmatdaşlyklaryň döremegine we Russiýa bilen yslam dünýäsiniň musulman mirasyny bilelikde öwrenmegine mümkinçilik döretmäge ýardam berjegine ynam bildirdi. Foruma gatnaşmak üçin respublika amala aşyran saparyñ çäklerinde Halkara Merkezi Aziýa barlag institutynyñ wekilleriniñ Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyñ işgärleri bilen duşuşandygy barada aýtdy. Onuň sözlerine görä, alymlar diňe bir binagärlik ýadygärlikleri bilen çäklenmän, eýsem maddy däl mirasy, resminamalaýyn ýadygärlikleri we beýleki medeni miras görnüşlerini hem öwrenýärler.
Sergeý Strelkow bu sessiýanyň çäklerinde örän möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Ol Tatarystanyň paýtagtyna ilkinji gezek gelendigini, eýýäm alymlaryň Astrahan oblastyndaky miras ýadygärliklerini öwrenmek boýunça bilelikde işläp başlandyklaryny we hyzmatdaşlygyň talyp we talyp toparlary derejesinde hem ösdüriljekdigini belledi.
Russiýanyñ Prezidentiniñ karary bilen 2022-nji ýylda federal dereje berlen “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly Halkara ykdysady forumy 2025-nji ýylyň 14–16-njy maýy aralygynda 16-njy gezek geçirilýär. Forumyň çäklerinde 200-den gowrak çäre meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda: yslam ýurtlarynyň ulag ministrleriniň, medeniýet ministrleriniň, baş prokurorlarynyň we auditorlarynyň maslahatlary; dünýäniň iň iri yslam maliýe maslahaty; halal senagaty boýunça maslahatlar; yslam ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň forumy; ykdysadyýet, söwda we emläk ugurlary boýunça halkara sergiler (40 müň inedördül metrden gowrak meýdanda). 2025-nji ýylda 103 ýurtdan wekiller hasaba alnyşyklardan geçdi. 2024-nji ýylda bolsa çäre dünýäniñ 87 ýurdynyñ, RF-niň 87 subýektiniñ we 40-dan gowrak diplomatik missiýanyñ 20 müňden köpräk gatnaşyjysyny ýygnady.
ORIENT