Balkanabatda Halkara howa menzili açyldy: sebitiň täze logistika merkezi
02.05.2025 | 21:20 |Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
275 gektar meýdany tutýan täze howa menzili, ýokary halkara talaplaryna doly laýyk gelýän häzirki zaman ulag merkezidir. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Terminalyň içinde ähli zerur şertler döredilen: ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana bar. Binanyň ähli ýerleri ýokary tehnologiýaly häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Howa menzilinde VIP-terminal hem hereket edýär.
Täze howa menziliniň esasy aýratynlygy onuň kuwwatly uçuş infrastrukturasydyr. Bu ýerde her biri 3200 metr uzynlyga we ini 60 metr bolan iki sany emeli uçuş-gonuş zolagy şeýle hem öwrüm ýoly göz öňünde tutulypdyr. Bu bolsa howa menziline bir wagtyň özünde dürli ölçegdäki we ýük göteriji uçarlary, şol sanda Boeing 777-300, Boeing 777-800 we AEROBUS kompaniýasynyň uçarlary ýaly giň göwrümli howa gämilerini kabul etmäge mümkinçilik berýär. 97 200 inedördül metr bolan uçar duralga meýdançasy bir wagtyň özünde 6 sany howa gämisini, 4 sany dikuçary goýmak üçin niýetlenendir.Howadaky uçarlaryň hereketlerine gözegçilik, beýikligi 49,65 metr bolan häzirki zaman dolandyryş diňinden amala aşyrylýar.
Toplumyň çäginde birnäçe ýöriteleşdirilen gulluklaryň we tehniki binalar bar – jemi 8 esasy we 11 kömekçi desga. Olaryň hatarynda: ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň häzirki zaman binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, b barlag-geçiriş nokatlary (iň täze tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan iki barlag nokady), şeýle hem ýük terminaly, myhmanhana bar.
Ýokary hil we halkara standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklayan möhüm görkeziji: täze Balkanabat Halkara howa menzili GFR-niň Mýunhen Halkara howa menzili bilen maslahatlaşylma esasynda guruldy. Onuň wekilleri Balkanabat Halkara howa menziliniň Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) talaplaryna doly lalyk gelýändigini we bu howa menziliniň ulanmaga doly taýýardygyny tassyklaýan güwänamany gowşurdylar. Bu bolsa Balkanabat Halkara howa menziliniňiň ýokary halkara howpsuzlyk we ygtybarlylyk standartlaryna laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Howa menziliniň çäginde häzirki zaman tehniki ulgamlary şol sanda ýerasty rezerwuarlar bilen ýangyç goýujy toplumlary, elektrik üpjünçilik, nawigasiýa we aragatnaşyk ulgamlary (olaryň arasynda dünýä standartlaryna laýyk enjamlar bilen üpjün edilen radiotehniki ulgamlary), şeýle hem ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlary, meselem, dürli rezurlyklar üçin suw saklaýjy rezerwuarlar bilen ýagyş suwuny arassalamak üçin köp basgançakly arassalaýyş ulgamy hereket edýär.
Howa menziliniň ýük terminaly ýylda 200 tonna çenli ýüki işlemäge ukyplydyr. Ol döwrebap enjamlar, dürli görnüşli ýükler üçin desgalar we işgärler üçin infrastruktura bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, onuň çäginde dynç alyş üçin ýerler we bufet bar.
Taslamada abadanlaşdyryş we bagy-bossanlyga bürenmegine aýratyn üns berlipdir. Bag nahallaryny oturtmak we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak üçin 12,100 inedördül metr ýer bölünip berlipdir. Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda bu ugurga aýratyn üns berip, ony ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky milli strategiýa we ekologik abadançylyk hem-de geljekki nesiller üçin alada bilen baglanyşdyrdy. Owadan bezelen ýanaşyk ýerler ýolagçylaryň arasynda şähdi açyklygy döreder.
Bu howa menziliniň açylmagy – Türkmenistanyň günbatar sebitinde uly wakadyr. Bizde iň uly uçarlary hem kabul edip bilýän, iki uçuş-gonuş zolakly häzirki zaman howa menzili peýda boldy, Bu bolsa syýahatçylyk üçin has amatly şertleri döredýär we deňiz kenarynyň sebitini beýleki şäherler we ýurtlar bilen has gowy baglanyşdyrar. Howa menziliniň dünýäniň standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolmagy – aýratyn buýsançly wakadyr.
Işe girizilen Balkanabatda täze halkara howa menzili, Mýunhen Halkara howa menzili ýaly abraýly hyzmatdaşlaryň maslahatlary bilen durmuşa geçirildi we “ICAO” standartlary boýunça sertifikatlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyndaky uly maýa goýumlarynyň we onuň dünýäniň talaplaryna laýyklygynyň aýdyň subutnamasydyr. Howa gämileriň ähli görnüşlerini kabul etmäge bolan ukyby we kuwwaty ony halkara logistika, söwda we syýahatçylyk üçin täze mümkinçilikleri açyp, Hazar sebitinide möhüm merkeze öwürýär. Ekologiýa we durnuklylyk standartlaryna, şol sanda abadanlaşdyryş we suw arassalaýyş ulgamlaryna üns bermek häzirki ählumumy tendensiýalara laýyk gelýär.
Balkanabat Halkara howa menziliniň açylmagy – diňe bir täze desganyň işe girizilmegi dälde, eýsem Türkmenistanyň ulag mümkinçiligini ösdürmekde, dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagynda we ýurduň ýokary hilli standartlara hem-de durnukly ösüşe ygrarlydygyny görkezmekde möhüm ädimdir.
ORIENT