Gurbanguly Berdimuhamedow Emmanuel Makron bilen duşuşdy
06.05.2025 | 05:15 |Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji maýda duşenbe güni agşam Parižde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.
Ýeliseý köşgünde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Fransuz KHBS-niň bellemegine görä, şolaryň arasynda “Thales Alenia Space Group” fransuz kompaniýasy bilen Türkmenistany ikinji telekommunikasiýa emeli hemrasy bilen üpjün etmek boýunça çarçuwaly ylalaşyk hem bar.
Taraplar, şeýle hem durnukly şäher ösüşi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, bilim we akademik hyzmatdaşlyk boýunça ýol kartasyny düzmek, şeýle-de Türkmenistanda bilelikdäki arheologik missiýanyň giňeldilmegi babatda ylalaşyga geldiler.