Medeniýet

Bakudaky Ýyldyzlar alleýasynda Muslim Magomaýewiň hatyrasyna atlandyryljak ýyldyz mynasyp orun eýelär
15.08.2023
|01:54
|1135
Bakudaky Sea Breeze Walk of Famе ýyldyzlar alleýasynda SSSR-iň Halk artisti, meşhur aýdymçy we millionlarça adamyň söýgüsine mynasyp bolan Muslim Magomaýewiň ýagty ýadygärligini müdimileşdirjek ýyldyz peýda bolar. Ýyldyzy goýmagyň dabaraly çäresi 21-nji awgustda geçiriler – diýip, "Moskwa-Baku" habar berýär.

Moskwada ilkinji gezek Dünýäniň ýaşlar orkestrleri festiwaly geçiriler
14.08.2023
|22:51
|1175
18 ýurtdan ýaş sazandalar 18-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Moskwada geçiriljek birinji Bütindünýä ýaşlar orkestrleri festiwalyna gatnaşarlar. Bu barada TASS Russiýanyň konsert agentliginiň (RCA) metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

Hytaý teleýaýlymynda Türkmenistan barada dokumental filmler görkeziler
12.08.2023
|17:50
|1319
Pekindäki türkmen diplomatik wekilhanasynda Türkmenistanyň ilçisi Parahat Durdyýew bilen «CHINA MEDIA GROUP» döwlet agentliginiň CCTV kanalynyň «The Beauty of Shared Arts» programmasynyň baş prodýuseri Fan Tin we onuň toparynyň arasynda duşuşyk geçirdi.

Aşgabatda 48HFR bäsleşigi üçin türkmen režisýorlarynyň gysga metražly filmleriniň görkezilşi geçiriler
11.08.2023
|13:02
|934
48 Hour Film Race bäsleşigine öz işlerini iberen türkmenistanly režisýorlar hem-de kino söýüjiler Aşgabatda gysga metržly filmleriň görkezilşini geçirerler.

Sungat söýüjileri üçin Ýewropanyň iň gowy şäherleriň sanawy
11.08.2023
|01:36
|1456
Sungat söýüjiler we suratkeşler üçin Ýewropa şäherleriniň gyzykly reýtingi nemes kompaniýasy posterXXL tarapyndan edildi. Meşhurlyk görkezijisi, binalaryň meşhur binagärleri, sungat mekdepleri, sungat festiwallary tarapyndan döredilen çeperçilik galereýalarynyň möçberine, şeýle hem belli bir şäherde doglan häzirki zaman suratkeşleriniň we senetçileriniň sanyna we beýleki kriteriýalara esaslanyp hünärmenler tarapyndan «çykaryldy».

Aşgabatdaky konsertde filmlerden alnan aýdymlar ýaňlanar
10.08.2023
|20:24
|1341
Aşgabatdaky konsert möwsümi 20-nji awgustda ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşy bilen açylar. Olar paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny meşhur sowet, türkmen, rus we daşary ýurt filmleriniň aýdymlary ýerine ýetiriljek “Film, film, film!” atly aýdym-saz agşamyna çagyrýarlar.

Awazanyň seýilgähi dynç alýanlary görkezişe çagyrýar – Hazaryň kenarynda konsert-marafon başlady
09.08.2023
|22:59
|1627
Çarşenbe güni agşam Hazaryň kenarynda, Awazada 10 günlük konsert-marafon başlandy. «Deniz» hojalyk jemgyýetiniň «Jadyly kenar» oýunlar seýilgähinde tomusky dynç alyşy tolgundyryjy aýdymlar we şatlyk bilen «düzetjek», türkmen estrada aýdymçylarynyň meýilnamalaşdyrylan ilkinji çykyşy geçirildi.

Moskwada Nury Halmamedowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan iň uly konferensiýa geçiriler
08.08.2023
|18:20
|1473
Nury Halmamedow adyndaky Moskwanyň «Dutaryň sesleri» festiwaly aýdym-saz dünýäsinde täze bir uly çäräni - «Köp medeniýetli giňişlikde milli kompozitor mekdepleriniň döremegi meselesi» atly halkara ylmy we amaly konferensiýany hödürleýär.

Türkmenistan Özbegistana gezmäge baran syýahatçylarynyň sany boýunça ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi
08.08.2023
|11:57
|2032
Türkmenistan şu ýylyň birinji ýarym ýyllygynda Özbegistana gezmäge baran syýahatçylarynyň sany boýunça dünýä döwletleriniň arasynda altynjy orny eýeledi. Jemi goňşy respublika 29,5 müň türkmen raýaty gezmäge bardy diýip Trend habar berýär.

Türkmen opera aýdymçysy Astrahanda geçiriljek festiwalda çykyş eder
08.08.2023
|11:19
|1356
Festiwalyň açylyş dabarasyna şeýle hem, rus operaçysy Ildar Abdrazakow, Azerbaýjanyň Halk artisti Elçin Azizow, eýranly sazanda Mehdi Hosseýni we beýleki meşhur sungat ussatlary gatnaşar. Festiwala daşary ýurtly myhmanlar we Russiýanyň raýatlary çagyryldy.