Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar:geçen hepde 23 geleşik baglaşyldy

02.07.2025 | 14:40 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar:geçen hepde 23 geleşik baglaşyldy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 23 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” DK-niň tehnologik desgalarynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosini, awtoulag benzini, nebit ýol bitumyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplügi ýerlenildi. Ony Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri satyn aldy. Geleşikleriň umumy bahasy 5 mln 19 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 29 mln 833 müň manada barabar bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny, gaplama örtügini (“Türkmennebit” DK), şeýle hem float düz aýnasyny we nah matany satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kotirowkalar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: