Iň täze habarlar

Xiaomi AI Glasses: AI kameraly we ses kömekçisi bolan akylly äýnekler

01.07.2025 | 15:55 |
 Xiaomi AI Glasses: AI kameraly we ses kömekçisi bolan akylly äýnekler

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam Super Xiaoai sesli kömekçisini, emeli añ kamerasyny we gulaklyklary özünde jemleýär. Enjamyň hakyky suratlary eýýäm IT Home neşirinde peýda boldy.

Äýnekler titandan ýasalan 12°-lik duga, 4°-lik çarçuwaly sazlaýyş ulgamy bilen üpjün edilendir. Şeýle hem, olar IP54 derejesindäki goraga eýedir. Enjamyň içinde Qualcomm Snapdragon AR1 çipi ýerleşdirilen, ol Hexagon AI we iki ISP moduly arkaly suratlary işläp taýýarlamaga ukyplydyr. Sesi dolandyrmak üçin bolsa BES2700H ses çipi we açyk görnüşli dinamikler ulanylýar. Enjamyň agramy linsasyz takmynan 40 gram, ýönekeý linzalar bilen 45 gram töwereginde bolýar.

1

Dugalaryň üstünde sensor panel, kamera dolandyryş düwmesi, zarýad üçin USB-C porty we ýakyp-öçüriji düwme ýerleşdirilendir. Topluma daşky gaby, arassalaýjy mata, kabel we 10 Wt kuwwatly zarýad enjamy hem girýär.

Xiaomi AI Glasses 12-megapikselli Sony IMX681 kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 2304×1728 çözgütli wideo ýazgysyny we EIS durnuklaşdyryş tehnologiýasyny üpjün edýär. Bu äýnekler arkaly teksti, suratlary, obýektleri, ösümlikleri we haýwanlary tanamak, terjime etmek we akylly öý enjamlaryny dolandyrmak mümkinçiligi bar.

ORIENT

Foto: IT Home

Şeýle hem okaň: