Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek üçin Dilkent mobil goşundysy işläp başlady
02.07.2025 | 12:30 |2025-nji ýylyň iýun aýynda “Alp tehnologiýa” HJ-si iňlis dilini özbaşdak öwrenmek üçin niýetlenen “Dilkent – her wagt, her ýerde!” atly täze mobil goşundysyny ulanyşa goýberdi. Programma iOS we Android ulanyjylary üçin elýeterli bolup, onuň dilkent.com.tm aýratyn maglumat sahypasy hem bar.
Dilkent iňlis dilini hem başyndan öwrenmek isleýänler üçin, hem-de eýýäm iňlis dilinden bilimleri bar bolan ulanyjylar üçin niýetlenendir. Sapaklar iň ýokary Advanced C1-C2 derejesine çenli ýetmäge mümkinçilik berýär. Dilkentde Iňlis dilini türkmen we rus dillerinde aňsatlyk bilen öwrenip bilersiňiz. Ýaş çäklendirmeleri ýok.
Sapaklar self-learning (özbaşdak öwrenmek) usulyýetinde düzülendir. Bu usul arkaly siz geljekde islän ugruňyzy özbaşdak öwrenmek ukybyna eýe bolarsyňyz. Programmada ilki başda audio we interaktiw suratlar arkaly sapaklar öwredilýär, soňra bolsa interaktiw test soraglary we dürli ýumuşlar arkaly sapaklar özleşdirilýär. Bulardan başga-da her sapagyň özüne degişli täze sözleri öwredilýär. Iň esasy aýratynlygy, sapaklary öwrenip ýumuşlar bilen berkidilen soň, ulanyjylar Iňlis dilinde dogry we dürs gürläp bilmekleri üçin Emeli aň (AI) arkaly ýumuşlar berilýär. Emeli aň ulanyjylaryň gürlän sözlemlerindäki ýalňyşlyklary görkezýär we dogry gürleýänçä gaýtaladyp durýar.
Beýleki serwislerden tapawudy
Beýleki Iňlis dilini öwredýän platformalar adatça diňe amaly ugry ýa-da diňe grammatika ugry boýunça iş alyp barýar. Dilkent, hem grammatika ugry, hem amaly ugry boýunça ýokary derejede mümkinçilikleri hödürleýär. Dilkentde ýerleşdirilen ähli sapaklary tamamlanyňyzdan soňra, siz Dilkentde onlaýn görnüşde jemleýji synagyny tabşyryp bilersiňiz. Synagy üstünlikli tabşyran ýagdaýyňyzda, Dilkent tarapyndan Şahadatnama almaga hukuk gazanýarsyňyz.
Mundan başga-da sapaklaryň dowamynda ulanyjylar ýumuşlardan dürli görnüşdäki ballary gazanyp bilýärler. Ballaryň esasynda Dilkentde iň ökde we işjeň ulanyjylaryň reýtingi düzülýär. Bu reýting boýunça her aýyň jeminde ýokary ýerleri eýelän ulanyjylara dürli görnüşdäki sowgatlar berilýär.
Nädip ulanmaly?
Ilki bilen, Google Play-dan ýa-da App Store-dan “Dilkent” programmasyny ýükläp almaly we gurnamaly, telefon belgisi arkaly hasaba durup, adyňyzy, doglan senäňizi we ýaşaýan ýeriňizi görkezmeli. Birinji sapaklar usulyýet we interfeýs bilen tanyşmak üçin mugt hödürlenilýär. Soňra bolsa her aý 100 manat möçberinde abuna bolmagyňyz talap edilýär. Ol bolsa ähli maglumatlara elýeterliligi açyp berýär.
Iňlis dilini çalt we amatly ýagdaýda öwrenmek isleýänleriň ählisi üçin döredilen bu “Dilkent” mobil goşundysy yzygiderli sapaklaryň netijesinde 2-3 aýyň dowamynda möhüm ösüşi wada berýär.
ORIENT