Ilon Mask täze Grok 4 AI-modeli barada yglan etdi
01.07.2025 | 16:05 |Ilon Mask, xAI kompaniýasynyň täze Grok 4 emeli añ modeliniň 4-nji iýuldan soňra çykjakdygyny habar berdi. Ilkibaşda bu model Grok 3.5 hökmünde işlenip başlandy, emma taýýarlaýyş döwründe ady üýtgedildi.
27-nji iýunda Mask X sosial ulgamynda şeýle ýazdy: «@xAI topary bilen @Grok modeliniñ üstünde bütin gije işledik. Gürrüňsiz ösüş bar. Täze wersiýa Grok 4 diýlip atlandyrylyp, ol 4-nji iýuldan soň çykar. Kody ýazmak üçin ýöriteleşdirilen modeliň ýene bir uly synagy gerek».
Bu habar fewralda çykan Grok 3 modeliniñ dowamydyr. xAI bu modeli özünden öňküsinden ep-esli akylly diýip atlandyrýar. Grok modeliniñ şu wagtky wersiýasy X Premium Plus ulanyjylary üçin we xAI-nyň ýörite platformalary arkaly elýeterlidir.
Mask Grok 4 bilen baglanyşykly uly meýilnamalaryny aýan etdi. Ol bu täze modeliň öňdebaryjy logiki pikirleniş ukyby bilen internediň çägindäki "bütin adamzat bilim ulgamyny täzeden ýazmak" üçin ulanyljakdygyny aýtdy. Bu işiň maksady — nädogry maglumatlary aradan aýyrmak, ýetmeýän maglumatlary goşmak we “hapa maglumatlary” arassalamak bolup durýar.
X kompaniýasynyñ baş direktory Linda Ýakkarino ýakynda eden çykyşlarynda xAI-nyň täze Grok modeliniň “dünýädäki iň akylly AI modeli” boljagyna ynam bildiripdi.
2023-nji ýylda Mask tarapyndan esaslandyrylan xAI kompaniýasy Grok 3 modelini özüniñ dokuz aýdan hem az wagtyň içinde düzülen Colossus atly superkompýuteri arkaly işläp taýýarlandy.
ORIENT