Köşidäki 68 ýaşaýyş jaýynda täze daşarky inžener ulgamlaryny dörederler
10.07.2023 | 14:32 |Aşgabadyň günbatar bölegindäki Köşi ýaşaýyş jaý toplumynyň 68 ýaşaýyş jaýynda täze daşarky inžener ulgamlaryny dörederler. Munuň üçin gerekli enjamlary satyn almak boýunça degişli tender-bäsleşigi şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Daşarky inžener ulgamy senagat desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň durnukly we howpsuz işlemegi üçin gerekdir. Olara ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik togy, gaz we süw üpjünçiligi üçin gerekli bolan torlar degişlidir.
Tendere gatnaşmak üçin ýüz tutmany tabşyrmaly we şu salgyda ýerleşýän Türkmenistanyň maliýe Ministrliginde hasaba alynmaly: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156. Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.
ORIENT habarlar