«Balam» hususy kärhanasy halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär
11.07.2023 | 15:14 |«Balam» hususy önümçilik kärhanasy «Suprems Sweets» özbek kompaniýasy we «Ramzi Somon LTD» täjik kärhanasy bilen şertnama gol çekdi. Bu barada «Рысгал» gazetinde habar berilýär.
Ylalaşyk türkmen kärhanasy tarapyndan öndürilen konditer önümleriniň, hususanda çörek-bulka önümleriniň we konditer önümleriniň dürli görnüşleriniň- goşundyly hamyr önümleriniň, çörekleriň, gündogar süýjülikleriniň we tortlaryň Özbegistana we Täjigistana eksport edilmegini göz öňünde tutýar. Olar gatlakly hamyrdan, şeýle hem ýagly dykyz hamyrdan taýýarlanandyr.
«Balam» kompaniýasy türkmen bazarynda gatlakly hamyrlary öňdebaryjy öndürijidir. Ol 2016-njy ýylda Aşgabatda esaslandyryldy.
Kompaniýa her çalyşykda 100 kg çörek-bulka we konditer önümlerini öndürýän seh bolanlygyndan her aýda 2,5 müň tonna önüm öndürýän uly önümçilik kärhanasyna çenli ýoly geçdi.
ORIENT habarlar