Iň täze habarlar

2 türkmen filmi Daşkentde geçiriljek film festiwalynyň çäklerindäki bäsleşige gatnaşar

15.09.2023 | 20:19 |
 2 türkmen filmi Daşkentde geçiriljek film festiwalynyň çäklerindäki bäsleşige gatnaşar

29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly 15-nji Halkara film festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan kinematografiýaçylar gatnaşar.

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň 4 filmi bu festiwalda görkeziler. Has takygy, Sahysalyh Baýramowyň we Hekim Alowowyň režissýorlyk etmeginde “Daragt” we “Gyzyl alma” filmleri festiwalyň çäklerindäki bäsleşige gatnaşar. Şeýle hem, festiwalda Türkmen kinosynyň gününde kinorežissýorlar Arslan Eýeberdiýewiň “Istärin” we Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” filmleri görkeziler.

650476c221c7d580123494.jpg

Forumyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi döwletleriniň, türki döwletleriniň we GDA döwletleriniň kino festiwallary geçiriler. Onda özbek kinosynyň döredilmeginiň 115 ýyllygy mynasybetli milli çäreler, italýan kinosynyň lybas sergisi, daşary ýurtlaryň kino günleri, okuw maslahatlarydyr meşhur kinematografiýaçylaryň ussatlyk sapaklary guralar.

650476c780fdd353179532.jpg

Daşkent halkara film festiwalyna dünýä filmleriniň ýyldyzlary hem gatnaşar. Fransuz aktýory, “Taksi” filminde Emilýeniň keşbini janladyran Frederik Difental festiwalyň açylyşynda alyp baryjy bolup biler.

650478412a087231903928.jpg

Daşkent halkara filme festiwaly geçen asyryň 60-njy ýyllarynda geçirilip başlanyp, soň bes edilipdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Permany bilen ol täzeden dikeldildi.

ORIENT news

Foto: "Türkmenfilm" birleşigi

Şeýle hem okaň: