Merkezi Aziýanyň durmuşy we medeniýeti Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda guralan sergide tanyşdyrylýar
16.09.2023 | 16:33 |Moskwa şäheriniň merkezi Gyzyl meýdançada ýerleşýän Baş ählumumy magazinde (GUM) "Ýüpek ýoly" atly sergi geçirilýär. Onda şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen ýakyndan tanşyp bilýärler.
Serginiň merkezinde uzak ýyllap "ITAR-TASS" habarlar agentliginde fotohabarçy bolan Gennadiý popwyň işlerine möhüm orun berlipdir. Onuň geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda düşürilen suratlarda Merkezi Aziýa halklarynyň durmuşy we sada adamlaryň ýüz keşpleri täsirli beýan edilýär.
Merkezi Aziýa bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen bu sergi 83 ýyllyk ömrüniň köp bölegini fotohabarçylyk kärine bagyşlan adamyň ogly Andreý Popow tarapyndan guralýar.
Bu ýere gelýänler Merkezi Aziýa bazaryny ýakyndan "duýup bilýärler". Bu ýerde Merkezi Aziýa halklarynyň tagamlaryny hem dadyp, ýadygärlik sowgatlary alyp hem bolýar. Sergi 8-nji oktýabra çenli dowam eder.
ORIENT news