Astanadaky kitap festiwalynda türkmen pawiliony ünsi özüne çekdi
16.09.2023 | 15:04 |Gazagystanyň paýtagtynda dürli ýurtlardan neşirýatçylary, ýazyjylary we okyjylary ýygnan Kitaptime halkara kitap festiwaly geçirildi. Festiwala, türkmen medeniýeti we gazananlary barada ajaýyp täze kitaplary hödürlän Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy gatnaşdy.
Festiwalyň myhmanlary milli akademiki kitaphanada ýerleşýen türkmen pawilionynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan kitaplar, şeýle hem halk däp-dessurlary we ýurdumyzyň taryhy bilen tanyşdylar. Şeýle hem stendlerde türkmenleriň milli eşikleri, halylary we türkmen senetçileriniň keşdeleri görkezildi.
Pawilýonyň myhmanlaryny häzirki wagtda ilçihanada tejribe geçýän Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň 5-nji ýyl talyplary garşyladylar. Olar türkmen pawilýonynyň sergisine gelýänleri tanyşdyrýan we soraglara jogap berýän ýolgörkezijiler hökmünde çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen dürli medeni çärelere işjeň gatnaşýar. Kitaptime kitap festiwaly iki ýurduň arasyndaky depginli ösýän gatnaşyklaryň ýene bir nusgasy boldy.
ORIENT news