Iň täze habarlar

Türkmen drama teatry Gazagystandaky festiwala gatnaşar

18.09.2023 | 21:33 |
 Türkmen drama teatry Gazagystandaky festiwala gatnaşar

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry, «Magtymguly Pyragy» eseri bilen Gazagystanyň Halk artisti Biken Rimowanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan I «Biken» halkara teatr festiwalyna gatnaşar.

Teatr görkezilişi Gazagystanyň Taldykurgan şäherinde 29-njy sentýabrdan 4-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Gazagystana, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan aktýorlar we teatr toparlary gelip, iň gowy çykyşlaryny görkezerler diýip, el.kz habar berýär.

Festiwalyň açylyş dabarasy Biken Rimow adyndaky Taldykurgan drama teatrynda bolar. Ol şu güne çenli Gazak sahnasynyň görnükli ussady, teatr we kinonyň aktrisasy hasaplanyp, Gazagystanyň teatr sungatynyň döremegine we ösmegine uly goşant goşdy.

Artistiň 100 ýyllygyna bagyşlanan ilkinji festiwal, Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrliginiň we TÜRKSOÝ halkara guramasynyň goldawy bilen geçirilýär.

ORIENT news

Foto: kamalteatr.ru

Şeýle hem okaň: