Iň täze habarlar

Aýdymçy Züleýha Kakaewa Kazandaky «Gündogar bazary» festiwalynda çykyş eder

28.09.2023 | 18:55 |
 Aýdymçy Züleýha Kakaewa Kazandaky «Gündogar bazary» festiwalynda çykyş eder

«Kazanda Gündogar bazary» – Russiýada türki dünýäsiniň dürli künjeklerinden estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýeke-täk uly saz festiwalydyr. Şu ýyl 21-nji oktýabrdan 27-nji oktýabr aralygynda Tatarstanyň paýtagtynda geçiriljek gündogar reňkli özboluşly tomaşa 25 ýurtdan - Merkezi we Gündogar Aziýadan, Iordaniýadan, Yrakdan, Palestinden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan, Wengriýadan we beýleki ýurtlardan meşhur artistler gelerler.

Kazandaky festiwal meýdançasynda Türkmenistana at gazanan artist Züleýha Kakaewa we «Galkynyş» tans ansambly wekilçilik eder. Olar 27-nji oktýabrda «Piramida» konsert-dynç alyş toplumynda boljak uly gala konsertinde çykyş ederler diýip, Türkmenistanyň Kazandaky konsullygy habar berýär.

thumb__692_0_0_0_auto.jpg

Festiwal günlerinde Kazan gündogar medeniýetiniň ýüregi bolar. Guramaçylar Gündogaryň ajaýyp howasyny, meşhur artistleriň gelmegini, ýakyjy tanslary hem-de türki we arap dünýäsiniň dürli halklarynyň iň owadan milli aýdymlarynyň öwüşgünlerini wada berýärler.

«Kazanda Gündogar bazary» halkara milli medeniýetiň festiwaly – halkara medeni hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugry. Onuň maksady döwletara we milletara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara täsir etmek we aralaşmak arkaly medeni türki we gündogar halklaryny ösdürmek, şeýle hem medeniýetiň döredijilik mümkinçiligini halkara derejesinde görkezmekdir.

NWsxRKKF8ukhRXsfIP24rj0hEH2FzW-920x340.jpg

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gazandaky konsullygy

Şeýle hem okaň: