Moskwanyň «Dutaryň owazy» festiwaly «Goja Hazaryň kenarynda» atly döredijilik-taslamasyny hödürlär
29.09.2023 | 01:52 |Moskwadaky «Dutaryň owazy» VII halkara sungat festiwalynyň çäginde 4-nji noýabrda Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynda suratkeş Dariý Asadullaýewiň «Goja Hazaryň kenarynda» taslamasy hödürlener.
Türkmen kompozitory Nury Halmamedowyň «Keçpelek» eserinden ruhlanan grafiki işleriň bir tapgyry Çeleken şäherinde geçiren çagalyk ýatlamalaryna esaslanýar.
Suratkeş, dizaýner, sungat taslamalarynyň awtory we kuratory - Dariý Asadullaýew 1979-njy ýylda Türkmenistanyň Hazarýaka Çeleken şäherinde dünýä indi. Ol 1999-njy ýylda Aşgabadyň sungat mekdebinde suratkeş-bezegçi hünäri boýunça Waleriý Kurbanowyň bäş ýyllyk okuwyny tamamlady. 2008-nji ýylda iňlis dizaýn mekdebinde (Skipton School of Art and Media, NY, UK) tejribe geçdi. Onuň eserleri Russiýada, Beýik Britaniýada, Hindistanda, Ysraýylda, Italiýada we ABŞ-da şahsy ýygyndylarda saklanýar.
Onuň Aşgabatdaky (2005-2015) ýatdan çykmajak sergileriniň bir tapgyry Russiýada gyzykly şahsy taslamalar: «Dostoýewskiý. Bäşkitaplyk», «Altyn gümmezli Rus. Ýatdan çykarylan ýüzler», «Ussat we Margarita. Düşünme» we ş.m. bilen dowam etdi. Ýeri gelende aýtsak, Dariý Asadullaýew 2015-nji we 2017-nji ýyllarda «Ýylyň ýazyjysy» rus baýragyna dalaşgär boldy. Suratkeş hökmünde ol, reňk bilen saz äheňleriniň arasyndaky gatnaşyklar ulgamynyň üstünde işleýär.
– Nury Halmamedow köptaraply şahsyýet. Onuň durmuş ýoly döredijilik gözlegleriniň we açyşyň ýoludyr, milli saza göwrümli äheň bermegi we nusgawy saza milliligiň öwüşgünini girizmegi başaran, tolgundyrýan we haýran galdyrýan, adatdan daşary owadan, filosofiki oýlanmalara eýe bolan eserleri döreden täzelikçiniň ýoludyr, – diýip awtor aýdýar.
«Festiwalyň çäginde dürli çäreleri: konferensiýalary, sergileri, ýaryşlary guranymyzda biz olary Nury Halmamedowyň terjimehalyndaky döwürleýin wakalar bilen mowzuklaýyn baglanyşdyrmagy maksat edinýäris. Çeperçilik sergileri muňa mysal bolup biler», - diýip festiwaly gurnaýjylar belledi.
Umuman alanyňda, 2015-nji ýyldan bäri «Dutaryň owazy» festiwalynyň çäginde bäş sany çeperçilik sergisi geçirildi.
Olaryň birinjisi, 2016-njy ýylda «Gadymy Merwiň rowaýatlary: keşbiň ewolýusiýasy» sergisidir. Nury Halmamedow ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda bolan «Gadymy Merw» döwlet taryhy we medeni seýilgähiniň golaýynda ýerleşýän, Baýramaly şäherindäki çagalar öýünde önüp-ösdi we elbetde, taryhy gurşaw şübhesiz onuň işine täsir etdi. «Gadymy Merwiň rowaýatlary: keşbiň ewolýusiýasy» atly çeperçilik sergide on türkmen suratkeşiniň, Marynyň surat mekdebiniň wekilleriniň: Ata Akýewiň, Allaberdi Amangeldiýewiň, Bazargeldi Gurbangeldiýewiň, Gurbangeldi Gurbanowyň, Annadurdy Myradalyýewiň, Annageldi Meretgeldiýewiň, Kössekmyrat Nurmyradowyň, Aýnagözel Nuryýewanyň, Allaberdi Öwezdurdyýewyň, Çary Hümmedowyň suratlary we grafiki eserleri görkezildi.
Ikinji çeperçilik sergisi 2017-nji ýylda geçirildi. Onda «Gündogar ertekiler dünýäsinden» miniatýuralary hödürlenip, ol Nury Halmamedow bilen dostlugy bolan SSSR-iň Halk suratkeşi Izzat Klyçewiň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Izzat Klyçew 1979-njy ýylda Halmamedowyň «Üç desse» (Üç wokal sikli) romanslar ýygyndysynyň çeper bezegini ýerine ýetirdi.
Üçünji sergi 2018-nji ýylda bolupdy. Bular suratkeşiň, režissioryň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäriniň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Russiýanyň Kinematografçylar Bileleşiginiň agzasy, Halkara Multiplikatorlar Assosiasiýasynyň agzasy, Nury Halmamedow bilen diňe bir dostluk däl, eýsem bilelikdäki döredijilik işi bilen hem badaşýan Ýewgeniý Iwanowiç Mihalsonyň «Reňkli durmuş» akwarelleridir. Kompozitor Mihalsonyň 8 multfilmi – «Öýsüz Goňurja» (1971); «Dostlar» (1972); «Başagaýlyk» (1974); «Çörek we körpe» (1975); «Ah, dynç aldym» (1976); «Üç dogan we Ýaşyl aždarha» (1977); «Tilki dogan, ýagdaýlaryň nähili?» (1978); «Düýe näme üçin ýandak iýýär?» (1982) üçin saz ýazdy.
Olaryň soňky bilelikdäki işi, Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna Nury Halmamedowyň eserlerini öz içine alýan «Ylham» (1982) atly film-konserti boldy.
V festiwalyň çägindäki dördünji çeperçilik sergisi 2019-njy ýylda bolup, Russiýanyň Sungat akademiýasynyň hormatly agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Wladimir Artykowyň 85 ýyllygyna bagyşlandy. Ol BRDKI-nyň çeperçilik bölümini tamamlandan soň, döredijilik işine «Turkmenfilm» kinostudiýasynda başlaýar. Bu ýerde «Magtymguly» filminde režissior Alty Garlyýew, kompozitor Nury Halmamedow, suratkeş Wladimir Artykow bilen bir topar emele geldi.
2021-nji ýylda VI festiwalyň çäginde geçirilen bäşinji çeperçilik sergisi «Wladimir Igaýew - dostlar we talyplar» diýlip atlandyryldy. Igaýew, Moskwanyň Mugallymçylyk uniwersitetiniň, matematika we çeperçilik-grafika fakultetlerini tamamlady. Onuň suratkeş hökmünde döreden eserleri: Ýaponiýa gaznasynda Tokioda, Fukuokanyň landşaft binagärleriniň Assosiasiýasynda (Ýaponiýa), Halkara baglar we gök ösümlikler serginiň ýadygärlik gaznasynda (Osaka, Ýaponiýa), Nankin muzeýinde (Hytaý), şeýle hem Russiýada we beýleki ýurtlarda hususy ýygynlarda saklanýar.
ORIENT news