Ýewropanyň Arte teleýaýlymy Türkmenistanyň gadymy gymmatlyklary hakda filmi görkezer
15.10.2023 | 00:50 |Ýewropanyň ähli sebitinde sungat we medeniýete degişli, maglumat beriş programmalaryny we ýokary hilli dokumental filmleri ýaýlyma berýän nemes-fransuz teleýaýlymy Arte, 22-nji oktýabr, ýekşenbe güni sagat 15:35-de “Çöl çägelerindäki gymmatlyklar - Türkmenistanyň gadymy mirasy” atly filmini görkezer.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýene-de taryhyň başyna geçeninden soň, ylymyň we habar beriş serişdeleriniň ünsüni has güýçli özüne çekýär.
Bu film gadymy dünýäniň “güýçli merkezlerinden” biri bolan Margiana ýaly türkmen topragynyň täsin ýadygärliklerine bagyşlanýar. Margiana şalygy Mesopotamiýanyň we Müsüriň ösen siwilizasiýalary bilen bir wagtda gülläp ösen hem bolsa, ol asyrlar boýy ýatdan çykaryldy. Diňe ýaňy-ýakynda arheologlar Garagum çölüniň ortasynda şol wagtky paýtagty Goňurdepe şäherindäki köşk binalaryny we täsin gabyr gymmatlyklaryny tapdylar...
Ajaýyp howasuratlary, çölüň töweregindäki gizlin megapolisleriň ululygyny görkezýär. Golaýda ýerleşýän Ulugdepe şäherinde halkara alymlar topary hem monumental berkitmeleri gazdylar. Merw we Köneürgenç şäherçeleri, Nusaý bilen birlikde ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä medeni mirasynyň ýerleri diýlip yglan edildi.
Bürünç eýýamyndan başlap, häzirki Türkmenistanyň çäginde güýçli imperiýalar nädip ýüze çykypdyr? Alymlar tarapyndan geçirilen gözlegler olaryň ilatynyň ýokary derejede habarly bolandygny, uzak aralykdaky aragatnaşyklaryň Hindistana, Urala we Ortaýer deňzine baryp ýetendigini görkezýär. Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky Beýik ýüpek ýoly müňlerçe ýyl bäri dünýäniň iň möhüm söwda ýoluna öwrüldi we türkmen şäherlerini taryhynyň möhüm nokatlaryna öwürdi.
Bularyň hemmesi nemes dokumental kinorežissýorlary tarapyndan “Çöl çägelerindäki gymmatlyklar - Türkmenistanyň gadymy mirasy” filminde öz beýanyny tapdy, film 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndaky premýerasyndan (görkezilişinden) bäri, Ýewropanyň ekranlarynda syýahatyny dowam etdirdi.
ORIENT news