Dynç günlerinde nirä dynç almaga gitmeli ýa-da öňde boljak medeni çäreler
13.10.2023 | 14:25 |"ORIENT" öňde boljak dynç günlerinde - 14-15-nji oktýabrda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek gyzykly çäreler barada okyjylara ýetirýär.
14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde "Arkadagyň säheri" atly halkara kinofestiwaly geçiriler. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kino işgärleri we meşhur türk artisti Burak Özçiwit gatnaşar.
14-nji oktýabrda "Türkmenistan" kinokonsert merkezinde türkmenistanly estrada aýdymçy Ýelena Oreşkinanyň ýubileý konserti geçiriler. Ol 19:00-da başlanýar.
Dynç gününde, ýagny 15-nji oktýabrda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary Kemine köçesinde ýerleşýän Bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde geçiriljek howa we daşky gurşawy goramaga bagyşlanan eko-festiwala gatanaşmaga çagyrylýar. Onuň çäklerinde interektiw oýunlar, filmleriň görkezilişi, eko-söwda guralyp, aýdym-sazly, tansly çykyşlar guralar, çagalar üçin bolsa, ýörite oýun meýdanaçalary göz öňünde tutulýar. Festiwal 12:00-dan 15:00-a çenli dowam edýär.
ORIENT news