Arkadag şäherinde halkara kinofestiwal geçirildi
15.10.2023 | 13:29 |Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy.
Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Däp bolşy ýaly, dabaranyň öň ýanynda hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodadan geçýärler. Ýurdumyzyň kino işgärleri ilkinji bolup gyzyl haly düşelen ýodadan geçýärler.
Halkara çärä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň režissýory Dilşodbek Usmanow, «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte, film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabil, režissýor Israfil Kuralaý, «Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzlary — Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçi, «Monde et Media» fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem-de prodýuseri Žan-Mari Laronz bar.
Kinofestiwalyň birinji güni ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy. Medeni çäräniň jemleýji gününde — 15-nji oktýabrda halkara kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşy, festiwalyň ilkinji gününiň wakalary baradaky wideofilmiň görkezilişi dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy.
ORIENT news