Iň täze habarlar

“Türkmenfilmiň” režissýory Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen halkara kino festiwalynyň baş baýragyna mynasyp boldy

16.10.2023 | 16:07 |
 “Türkmenfilmiň” režissýory Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen halkara kino festiwalynyň baş baýragyna mynasyp boldy

“Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwalynda birinji orny eýelän türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewiň “Kagyza ýazylan ykbal” filmine “Akhan” binasynyň şekilindäki kubok gowşuryldy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan kino festiwalyna Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar.

Kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň “Sary ömür” filminiň hem-de ikinji orny eýelän Gyrgyzystanyň “Gelin heýkeli” filminiň döredijilik toparlaryna hem sylaglar gowşuryldy.

Gazagystanyň “Gopuz”, Täjigistanyň “Sary çeşme”, Türkmenistanyň “Toý köýnek”, “Umyt”, “Nesibe”, Özbegistanyň “Üzüm”, “Meniň arzuwym Özbegistan”, Gyrgyzystanyň “Umut”, “Öz kakasynyň ogly”, “Poçtaçy” filmleri, şeýle hem “TRT” teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň “Bozdag Group” kompaniýasy, Russiýanyň “Ahalteke” atly filmi diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldy.

Türkiýe Respublikasyndan kinorežissýor Mehmet Bozdag, «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte ýörite sylaglara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.

ORIENT news

Foto: "Watan" habarlar gepleşigi

Şeýle hem okaň: