Iň täze habarlar

Türkmen ussalary amaly sungatyň IV Daşkent biennalesine gatnaşýarlar

17.10.2023 | 18:17 |
 Türkmen ussalary amaly sungatyň IV Daşkent biennalesine gatnaşýarlar

Daşkende amaly sungatyň IV halkara biennalesi öz işine başlady. Oňa 12 ýurtdan - Fransiýa, Italiýa, Hindistan, Ýaponiýa, Müsür, Russiýa, Litwa, Azerbaýjan, Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistandan otuz suratkeş gatnaşdy. Festiwalda Özbegistana 60-dan gowrak suratkeş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary wekilçilik edýär diýip, UzA habar berýär.

Şu ýyl «Globallaşma we milli däpleri gorap saklamak: ýol saýlamak» şygary bilen geçirilen sergi daşary ýurtlaryň we Özbegistanyň taryhy we häzirki zaman sungatyny görkezýär. Forumyň çäginde ussatlyk sapaklary, tanyşdyryş we «Amaly sungatyň panoramasy: däpler we sungat bazary» atly ylmy-amaly konferensiýa hem geçirilýär.

Döredijilik çäreleri Daşkendiň birnäçe ýerinde - Özbegistan Sungat akademiýasynyň Merkezi sergi zalynda, Şekillendiriş sungaty galereýasynda, Ikuo Hiraýama halkara medeni kerwensaraýynda, Surat öýi we Gündogar miniatýura sungaty muzeýinde geçirilýär.

Halkara biennale 20-nji oktýabra çenli dowam eder.

ORIENT news

Foto: yuz.uz

Şeýle hem okaň: