Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary halkara çärede türkmen sungaty barada çykyş etdiler
20.10.2023 | 17:43 |Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary – sungaty öwreniji Maýa Jumanyýazowa we ýokary okuw mekdebiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri türkmen sungatynyň taryhy we çeperçilik ähmiýeti barada Daşkentde geçen amaly-haşam sungatynyň 4-nji halkara bianellesiniň barşynda çykyş etdi.
Bu halkara çäre milli medeniýetleri goramak, globallaşmak we innowasion ösüş şertlerinde döredijilik gatnaşyklaryny utgaşdyrmaga bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.
16 – 20-nji oktýabrda geçirilen halkara çäresine dünýäniň 12 ýurdundan sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Çäre häzirki döwürde dürli ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň gaýtalanmajak çeperçilik däp-dessurlaryny goramak meselelerine ünsi çekmäge gönükdirildi.
ORIENT news