Iň täze habarlar

GDA ýurtlarynyň Delfik oýunlarynda Türkmenistanly ýaş aýdymçy kümüş medal gazandy

10.10.2023 | 17:24 |
 GDA ýurtlarynyň Delfik oýunlarynda Türkmenistanly ýaş aýdymçy kümüş medal gazandy

Güýçberdi Gulow 6-njy oktýabrdan 10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde geçirilen GDA agza ýurtlaryň XVII Ýaşlar Delfik Oýunlarynyň kümüş medalçysy boldy. Ol 18-23 ýaş aralygyndaky «solo aýdym» kategoriýasynda ikinji ýeri eýeledi. Duşenbe güni emin agzalary birnäçe bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi diýip, Gyrgyzystanyň «Kabar» agentligi habar berýär.

Bu kategoriýada Gyrgyzystandan Çubak uulu Sanjar altyn, Gazagystan Respublikasyndan Didar Şunaýew bolsa üçünji orny we bürünç medal gazandylar.

Oýunlardaky türkmen mekdebiniň akademiki aýdymyna Aýgözel Işankulowa, ýekeledikde halk aýdymyna Güýçberdi Gulow we estradada – Allaberdi Nowruzow we Asal Ruslanow wekilçilik etdiler. Ýaş zehinler öz çykyşlarynyň hökmany programmalaryna dünýä klassikleriniň eserlerini we halk sungatynyň hazynasyndan döredilen kompozisiýalary, şeýle hem meşhur türkmen kompozitorlaryny goşdy.

GDA Delfik oýunlary tejribe alyşmak üçin platforma we ýaş zehinli gatnaşyjylar üçin döredijilik barlaghanasy boldy. Bişkek şäherine iň oňat pianinoçylar, skripkaçylar, sungat işgärleri, akademiki, halk we estrada aýdymçylary, şeýle hem halk tans ýerine ýetirijileri geldiler. Olara halk we üflenip çalynýan saz gurallary, çeper senetler kategoriýalary goşuldy.

ORIENT news

Foto: akipress

Şeýle hem okaň: