Aşgabatda we Mary şäherinde Tatarstanyň Medeniýet günleri geçiriler
14.10.2023 | 15:00 |Türkmenistanda, 17-19-njy oktýabr aralygynda Tatarstanyň Medeniýet günleri geçiriler. Festiwalyň geçiriljek ýeri iki sany türkmen şäheri - Aşgabat we Mary bolar. Bu ýerde respublikanyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçiriler.
Açylyş dabarasy 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Festiwalyň maksatnamasy ajaýyp we täsirli bolup, bu ýerde Tatarstan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti we respublikanyň öňdebaryjy halk we döredijilik senet ussatlarynyň amaly-haşam sungat eserleriniň we sowgatlyk önümleriň sergisi açylar. Şeýle hem sergide suratkeşleriň we dizaýnerleriň özboluşly eserlerini, Tatarstanda ÝUNESKO-nyň medeni ýadygärlikleriniň sanawyna girýän surat sergisini hem görüp bolýar.
Ertesi gün irden Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halk döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek» atly tegelek stol guralar. Agşamlyk bolsa festiwalyň baýramçylyk ýeri Mary şäheri bolup, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Tatarstanyň sungat işgärleri Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna respublikanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlär.
Festiwalyň maksatnamasynyň çäginde Türkmen paýtagtynda Tatarstan kinosynyň günleri geçiriler. «Aşgabat» kinoteatrynda Tatarstanyň režissýorlarynyň «Ibn Fadlan», «Tarlan», «Isenmesez» filmleri görkeziler.
Doganlyk ýurduň Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde Tatarstanyň we Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly dostluk konserti bilen tamamlanar.
ORIENT news