Iň täze habarlar

TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik Geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

14.10.2023 | 18:13 |
 TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik Geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik Geňeşiniň 41-nji mejlisi 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriler.

Degişli karar Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisinde yglan edildi.

2 (45).jpg

Iki gün dowam eden mejlisde ikitaraplaýyn gepleşikler bolup, özara gyzyklanýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem maliýe meselelerini kadalaşdyrmak we beýleki meseleler boýunça kararlar kabul edildi diýip,Azertag habar berýär.

Şeýle hem, duşuşykda Azerbaýjanyň Medeniýet ministri Adil Kerimli, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew we TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlaryň wekilleri tarapyndan kabul edilen kararlar barada resminamalara gol çekildi.

ORIENT news

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: