Türkmenistanda ilkinji gezek mosarella peýniriniň önümçiligi ýola goýuldy
16.11.2023 | 12:20 |Aşgabat şäheriniň Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Akdepe hyzmat” hojalyk jemgyýeti “Iner” haryt nyşanly mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň websaýtynda habar berilýär.
Peýnirlerleriň bu görnüşi, aslynda, gara gäwmüşiň süýdünden taýýarlanylsa-da, “Akdepe hyzmat” öz önümçiliginde sygyr süýdünden peýdalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kompaniýa mosarella peýniriniň önümçiligini ýurdumyzda ilkinji bolup ýola goýdy.