Aşgabatda modernist-suratkeşiň eserleriniň sergisi geçiriler
23.11.2023 | 00:39 |Türkmen paýtagtynda meşhur modernist-suratkeş Witali Didenkonyň sergisi geçiriler. Serginiň gurnaýjysy, tanymal suratkeş we türkmen suratçylyk mekdebiniň ussady Izzat Klyçewyň gyzy Maral Klyçewa bu barada ORIENT-iň habarçysyna gürrüň berdi.
Witali dürli žanrlarda işleýär we şu güne çenli özi üçin täze bir zady öwrenýär we synap görýär. Döredijilik ýolunyň başynda adaty görüşden ýüz öwürip, abstraktlara ýüzlendi, şonuň netijesinde Singapurda, Beýik Britaniýada, Fransiýada, Malaýziýada, Daniýada, Russiýada, Şweýsariýada, Eýranda, Gazagystanda we Gyrgyzystanda şahsy sergilere baryp gördi. Indi bolsa, gysga döredijilik arakesmesinden soň, Witali täze eserler ýygyndysy bilen ýene-de sungat söýüjilerine gaýdyp gelýär.
Gyzykly tarapy, Witali hem suratkeşleriň maşgalasynda dünýä indi. "Içgin serediş, maňa hemme zadyň nähili kyndygyny doly düşündirdi" -diýip, ol söhbetdeşliginde aýdýar. "Men hemişe durmuşa dürli nukdaýnazardan garamaga synanyşdym we görýänlerimi paýlaşmak isleýärdim" suratkeş sözüni jemledi.
Sergi 25-30-njy noýabr aralygynda paýtagtyň “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezindäki “Däp” milli markasy dükanynda bolar. Giriş tölegsizdir.
ORIENT news