Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda geçirilýän Hazar media forumyna gatnaşar

19.08.2025 | 01:45 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda geçirilýän Hazar media forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti 22-nji awgustda Russiýanyň Astrahan şäherinde geçiriljek X Hazar media forumyna gatnaşar. Şeýle hem bu çärä Azerbaýjan, Eýran we Gazagystan ýaly beýleki Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň, hem-de Özbegistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Astrahan oblastynyň häkimi Igor Babuşkin TASS-da geçirilen metbugat maslahatynda habar berdi.

Gubernatoryň sözlerine görä, forum häzirki çagyryşlary ara alyp maslahatlaşmak we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkitmek üçin meýdança bolar. Bu ýylky çäräniň esasy temasy – “Hazaryň taryhy: geçmişden gelejege”, bu gatnaşyjylara sebitiň taryhy mirasy bilen häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we ekologiýa meseleleriniň arasyndaky baglanyşyga garamaga mümkinçilik berer.

Mediýa forumynyň çäginde Russiýanyň Žurnalistler bileleşigi “Inforum” ýokary derejeli bilim kursyny geçirer. Forumyň diňe bir professional dialogy däl, eýsem medeni alyş-çalşygyň hem ösdürilmegine goşant goşar diýlip garaşylýar. Çäräniň çäginde kino görkezilişleri we çekişmeler guralar. Şeýlelik bilen, Russiýanyň Kinematografçylar bileleşiginiň Sebitleýin kinematografiýasyna goldaw gaznasy bilen bilelikde “Kino we media” sessiýasynyň guramaçysy hökmünde çykyş eder.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň foruma gatnaşmagy Hazar deňziniň sebitiniň ýurduň köp ugurly daşary syýasatynda ähmiýetini we goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek islegini nygtaýar. Muňa ugurdaş Astrahan Kremlinde, “Hazar möwsümleri” atly V halkara nusgawy sungat festiwalynyň dabaraly açylyşyny geçirer. Iki hepdäniň dowamynda ýagny 19-30-njy awgust aralygynda astrahanlylar we şäheriň myhmanlary şäheriň dürli ýerlerinde guraljak konsertlerden lezzet alarlar. Tomaşaçylar dünýä opera sahnasynyň ýyldyzlaryny, bäş ýurduň meşhur sungat işgärlerini we Hazarýaka döwletleriniň simfoniki orkestrini diňlärler.

ORIENT

Foto: punkt-a.info

Şeýle hem okaň: