Iň täze habarlar

Türkmen modaçylary Bakuwda geçiriljek Döredijilik hepdeligine çagyryldy

24.11.2023 | 19:32 |
 Türkmen modaçylary Bakuwda geçiriljek Döredijilik hepdeligine çagyryldy

29-njy noýabrda Baku şäherinde Döredijilik hepdeligi badalga alar. Onda Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Russiýadan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan dizaýnerleriň moda ýygyndylary görkeziler.

Hepdeligiň çäklerinde ýaş moda dizaýnerleri üçin ýaryşlar we ussatlyk sapaklary geçiriler we 3-nji dekabrda moda görkeziş agşamy geçiriler.

Döredijilik hepdeligi milli lybaslaryň tanyşdyrylmagyna we mahabatlandyrylmagyna gönükdirilip, ol moda dizaýnerlerini, alyjylary, metbugat wekillerini we bu ugurdaky ähli hünärmenleri bir ýere jemleýän amatly meýdança bolup durýar.

"Azernews" neşiriniň habar bermegine görä, bu gerimli taslama daşary ýurtly kärdeşleri, olaryň öndürýän milli we sebit markalaryny, harytlaryny we hyzmatlaryny tanatmak, şeýle hem moda pudagynyň ösmegine itergi bermek we ondaky bar bolan meseleleri çözmek üçin gurallary kämilleşdirmek üçin bilelikdäki hyzmatdaşlyga çeker.

Mundan başga-da, döredijilik hepdeliginiň çäginde türk dünýäsiniň ýumor festiwaly geçiriler. Habarda beýan edilişine görä, bu çärä azerbaýjan komiksleri bilen birlikde Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Tatarystandan (Russiýa Federasiýasy) komediýa ussatlary gatnaşar. Olar "stand-up" žanrynda çykyş ederler we her ýurtdan ýeňiji saýlanyp alnar.

ORIENT news

Foto: azernews.az

Şeýle hem okaň: