Dekabrda dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi we beýleki çäreler geçiriler
25.11.2023 | 15:05 |Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Dekbar aýynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisini, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisini, dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligini, türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.
Öňümizdäki aýyň esasy çäreleriniň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy, “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry bar.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly forum, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, baýramçylyk konsertleri geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere dekabr aýynda boljak esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
ORIENT news