Halkara çagalar medeni forumy: ýaş zehinleriň duşuşygy we sanlylaşdyrmagyň täze gözýetimleri
10.08.2024 | 11:08 |2024-nji ýylyň 22-24-nji awgusty aralygynda 2 müňden gowrak gatnaşyjyny ýygnajak Serçeler depelerindäki Moskwanyň pionerler köşgünde III Halkara medeni forum geçiriler diýip, TASS habar berýär. Forum Russiýanyň ähli 89 sebitinden we dünýäniň 15 döwletinden, şol sanda Hindistan, Müsür, Serbiýa, Belarus, Abhaziýa, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň 12 ýaşdan 17 ýaşa çenli çagalara öz gapylaryny açar.
Forumyň maksatnamasy 60-a golaý çäräni şol sanda ussatlyk sapaklaryny, görnükli medeni işgärler bilen duşuşyklary, gezelençleri we beýlekileri öz içine alýar. Forum alty döredijilik ugruna bölünýär, olaryň her birine at gazanan ussatlar gözegçilik edýärler. Mysal üçin, teatr we sirk sungatyna Edgard Zapaşnyý we Sergeý Bezrukow, horeografiýa Ýegor Družinin, edebiýata we žurnalistika Dmitriý Bak, kino we animasiýa Gawriil Gordeýew, muzeý we şekillendiriş sungatyna Ýelene Proniçewa we aýdym-saz ugruna Olga Homowa ýolbaşçylyk edýär.
Şeýle hem, forumyň çäginde medeniýetde sanlaşdyrmak mowzugy boýunça hakaton bäsleşigi, “Medeni diplomatiýa” halkara okuw maslahaty, Russiýada Maşgala ýylyna bagyşlanyp wiktorina we halypalar bilen gatnaşyjylaryň arasynda toparlaýyn medeni bäsleşikler geçiriler.
ORIENT news