Iň täze habarlar

Türkmenistanda erkin göreş boýunça çempionat tamamlandy

09.01.2025 | 15:05 |
 Türkmenistanda erkin göreş boýunça çempionat tamamlandy

Türkmenistanda erkin we grek-rim göreşi boýunça milli çempionat geçirildi. Türkmenbaşy şäheri çempionatyň geçirilen ýeri boldy.

79 kilograma çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça ýaryşda Alp Arslan Begenjow altyn medal gazandy. Kümüş medala Aşyr Kakamyradow mynasyp boldy. Bürünç medaly Abraý Şatlykow aldy.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşynda 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda Alp Arslan Begenjowyň dünýä çempiony bolandygyny bellemek gerek.

ORIENT news

Foto: centralasia.news

Şeýle hem okaň: