Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlary birek-biregi gutladylar we hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar

06.06.2025 | 00:25 |
 Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlary birek-biregi gutladylar we hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Iki goňşy döwletiň Baştutanlary birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler

Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Eýranyň Prezidenti Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi.

Söhbetdeşleriň belleýişleri ýaly, taryhy we medeni umumylyklary bolan, müňlerçe ýyllara uzap gidýän iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar çalt depginde ösdürilýär. Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik diňe bir birek-biregi gutlamak däl-de, eýsem diplomatik özaragatnaşyklaryň durnuklylygyny görkezdi. Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalşy ýaly türkmen-eýran gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanyp gurulmagyny dowam etdirer.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmek we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Nobatdaky telefon arkaly söhetdeşlik, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň durnuklylygynyň we geljeginiň möhüm tassyklamasy boldy.

ORIENT

Foto: president.ir

Şeýle hem okaň: