Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

07.06.2025 | 22:31 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 4-6-njy iýuny aralygynda Azerbaýjanyň Respublikasynyň Baku şäherinde BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň BMG - Syýahatçylyk guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili B.Rejepow ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Agzalan çärä türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda jemi Komissiýa agza bolan 38 ýurduň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda sebitde syýahatçylyk pudagynyň ösüşi esasy we onuň öňünde duran wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda agza döwletleriň mundan beýläk hem bilelikde hyzmatdaşlyk etmegi barada ylalaşyga gelindi.

BMG - Syýahatçylyk guramasynyň wekilleriniň hasabatlaryna görä, 2024-nji ýylda halkara syýahatçylyk doly diýen ýaly dikeldildi we pandemiýadan öňki – 2019-njy ýylyň derejesiniň 99%-ine ýetdi. Dünýäde 1,4 milliard çemesi halkara syýahatçylygyň hasaba alynandygy bellenildi, bu bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11% köpdür. Bu dikeldiş pandemiýadan soňky döwürde durnukly islege, esasy syýahat bazarlarynyň üstünliklerine we Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki ugurlaryň işjeňleşmeginiň netijesinde mümkin boldy.

oon-turizm-dlya-evropy (3).jpg

Mejlisiň dowamynda Ýewropanyň dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk sebiti hökmünde tutýan ornuna aýratyn üns berildi. Syýahatçylygyň kontinentde ykdysady ösüşiň esasy herekete getiriji güýji hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy. BMG Syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Ýewropa 747 million halkara syýahatçy baryp gördü, bu bolsa 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 1% we 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu görkeziji sebitdäki syýahatçylyk pudagynyň doly dikeldilendigini görkezýär. Munuň esasy sebäpleri hökmünde sebitara syýahatlaryň işjeňleşmegi we esasy çeşme bazarlaryň dikeldilmegi görkezilýär.

Şeýle hem, çärede pandemiýadan öňki onýyllykda (2009–2019 ý.) Ýewropada syýahatçylyk yzygiderli ösüşi görkezdi — syýahatçylaryň sany 480 milliondan 742 milliona çenli artdy, bu bolsa umumy ösüşiň 55%-ini ýa-da ýylda ortaça 4,5%-i düzýändigi, 2024-nji ýylda gazanylan dikeldiş sebitdäki uzak möhletleýin ösüş ugruna dolanmagy aňladýandygy we Ýewropanyň syýahatçylyk pudagynda oňyn ösüş dinamikasynyň täzeden başlandygy barada habar berildi.

oon-turizm-dlya-evropy (1).jpg

Türkmenistan öz gezeginde BMG - Syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işlere işjeň gatnaşmak bilen, syýahatçylyk pudagynyň milli we sebit derejesinde ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň berkemegine, syýahatçylyk infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň baý medeni we tebigy mirasynyň dünýä derejesinde wagyz edilmegi ugrunda tagallalary edýär.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem okaň: