Iň täze habarlar

Huawei we XPeng iň uly awtoulag AR displeýini işläp düzdüler

08.06.2025 | 12:15 |
 Huawei we XPeng iň uly awtoulag AR displeýini işläp düzdüler

Ýiti bäsdeşlige garamazdan, Huawei bilen XPeng awtoulaglar üçin iň uly pudakdaky goşmaça hakykat proýeksiýa displeýini (AR-HUD) döretmek üçin güýçlerini birleşdirdiler.

Adaty HUD displeýleri diňe esasy maglumatlary görkezýär, ýöne bu täze AR-HUD olardan ep-esli derejede öñe geçer. Ol sürüjiniň öňünde ýokary ýagtylykly (12 000 nit) we öwüşginli (1800:1) 87 dýuým ululykdaky açyk displeý täsirini döredýär. Ösen goşmaça hakykat tehnologiýasynyň kömegi bilen displeý hereket edýän zolagy anyk görkezýär, tanalan ýol belgilerini görkezýär we aýratyn-da pes görünişli şertlerde peýdaly bolan möhüm maglumatlary hödürleýär.

Bu tehnologiýa 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýda satuwa çykjak XPeng G7 elektrik krossowerinde ilkinji gezek ulanylar. Şeýle innowasion çözgüt, Hytaýyň baý elektrik awtoulag bazarynda esasy artykmaçlyk hökmünde garaşylýar.

ORIENT

Foto: Xpeng / Huawei

Şeýle hem okaň: