Li Çže Mýon Günorta Koreýanyñ prezident saýlawlarynda ýeñiş gazandy
04.06.2025 | 11:35 |Demokratlar partiýasyndan dalaşgär Li Çže Mýon Günorta Koreýanyň prezident saýlawlarynda sesleriň 100% hasaplanmagynyň netijelerine görä ýeňiji boldy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyn (MST) berýän maglumatlaryna salgylanyp habar berilýär.
Li Çže Mýon sesleriň 49,42%-ini aldy. Onuň esasy garşydaşy, “Raýat güýçleri” konserwatiw partiýasyndan dalaşgär Kim Mun Su sesleriň 41,15%-ini gazandy. Özgerişler partiýasyndan Li Çžun Sok – 8,34%, Zähmet demokratik partiýadan Kwon Ýon Guk – 0,98%, garaşsyz dalaşgär Son Çžin Ho bolsa 0,1% ses toplady.
Mundan öň, sesleriň 94%-i hasaplanan mahaly Günorta Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýeňşi Li Çže Mýona berdiler. Onuň esasy garşydaşy "Raýat güýçleri" konserwatiw partiýasyndan dalaşgär Kim Mun Su ondan hem ozal resmi taýdan ýeňlişini ykrar edip, Li Çže Mýony ýeňşi bilen gutlapdy.
ORIENT