Iň täze habarlar

«Яндекс Музыка» indi Samsung Galaxy Watch sagatlarynda elýeterli

03.06.2025 | 16:50 |
 «Яндекс Музыка» indi Samsung Galaxy Watch sagatlarynda elýeterli

«Yandex» topary Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary üçin Wear OS platformasynda işleýän «Яндекс Музыка»-nyň awtonom programmasyny hödürledi. Bu goşundy telefona birikmesiz hem doly işleýär we sagat arkaly dolandyrylýar.

Bu goşundy «Яндекс Музыка»-nyň esasy mümkinçiliklerini goldaýar: «Meniň tolkunym» sazyny açmagy, halanýan aýdymlara «like» goýmagy, trekleri kolleksiýa goşmagy, şeýle hem sport üçin niýetlenen maslahatlary sazlamagy («Ylgamak» we «Türgenleşmek») üpjün edýär.

Baş ekranda häzirki wagt çalynýan trek we pleýer üçin çalt elýeterlik döredilen. Aşakda ýüklenen mazmuna we kolleksiýa geçmek üçin düwmeler ýerleşdirilen. Kolleksiýa bölümi ykjam görnüş bilen meňzeş taýýarlanyldy we albomlara, ýerine ýetirijilere, podkastlara, kitaplara hem-de «Maňa ýaraýar» diýen pleýliste geçmäge mümkinçilik berýär. Internede birikmesiz saz diňlemek üçin aýratyn «Ýüklenenler» bölümi hem döredildi.

Goşundy Samsung Galaxy Watch4 we ondan täze modeller üçin Google Play arkaly ýükläp almak üçin elýeterlidir. Ol Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň ulanyjylary üçin elýeterli.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: