Iň täze habarlar

Mbappeniň iki goly "Real" futbol toparynyň "Las-Palmasy" ýeňmegine kömek etdi

20.01.2025 | 12:05 |
 Mbappeniň iki goly "Real" futbol toparynyň "Las-Palmasy" ýeňmegine kömek etdi

Madridyň "Real" futbol topary Ispaniýanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynda öz meýdançasynda "Las-Palmas" toparyny ýeňdi.

Ýekşenbe güni Madridde geçirilen duşuşyk 4:1 hasaby bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Kiliýan Mbappe 18-nji we 36-njy minutlarda (ilki bilen penalti arkaly) iki gezek gol geçirip tapawutlandy. Brahim Dias (33) we Rodrigo (57) hem 1 goldan geçirip, ýeňişe goşant goşdylar. Myhmanlardan, 64-nji minutda Benit Ramireziň gyzyl kartoçka alyp meýdançadan çykarylanlygyna garamazdan, Fabiu Silva (1) toparyň ýeke-täk goluny geçirdi.

20012025_Мбаппе2.jpg

ORIENT

Foto: football.kulichki.net

Şeýle hem okaň: