Iň täze habarlar

Şekillendiriş sungaty muzeýinde daşary ýurt suratkeşleriñ döredijilik sergisi açyldy

12.03.2025 | 18:20 |
 Şekillendiriş sungaty muzeýinde daşary ýurt suratkeşleriñ döredijilik sergisi açyldy

Şu gün, 12-nji martda Türkmenistanyñ Şekillendiriş sungaty muzeýinde "Türkmenistan - dost-doganlyk mekany" atly halkara sergisi açyldy. Sergi "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyñ" çäklerinde gecirilip, sungat arkaly umumadamzat gymmatlyklarynyñ ýaýradylmagyna gönükdirilendir. 1 Sergä gelen adamlar muzeýiñ gaznasynda saklanylýan günbatar Ýewropanyñ sungat eserlerini, daşary ýurtly ussat suratkeşleriñ döreden işlerini görüp bilerler. Şeýle-de bu ýerde dünýä halklarynyñ arasynda dostlugy wasp edýän Türkmenistanyñ halk suratkeşleriniñ eserleri ýerleşdirilendir. Sergide türkmen halkynyñ parahatsöýujilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik ýaly milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän işler sergilendi. 2 Öz eserleri arkaly parahat we gülläp ösýän Watanymyzy beýan edýän Türkmenistanyñ Döwlet çeperçilik akademiýasynyñ talyplarynyñ işleri sergide aýratyn ýer eýeleýär. 3 Parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerini alamatlandyrýan, dost-doganlygyñ gadymy däplerini acyp görkezýän heýkel eserleri, keramika önümleri we amaly-haşam sungaty myhmanlaryñ ünsüni çekdi. 4 Her bir sungat eseri bu taryhyñ bölegi bolup, ol döwrüñ ruhuny we awtoryñ içki dünýäsini şöhlelendirýär. 5 Çeper keşpler arkaly suratkeşiñ jemgyýete bolan garaýyşy, parahatçylyk we ynanyşmak baradaky maksatlary, Watanyna bolan mähir muhabbeti we söýgüsi, şeýle hem dost-doganlygyñ we agzybirligiñ ruhy beýan edilýär. 6

Sergi birnäçe günläp dowam eder.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: