Iň täze habarlar

Aşgabatda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisi açyldy

26.03.2025 | 09:25 |
 Aşgabatda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisi açyldy

25-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisi açyldy. Sergide halypa mugallym Annageldi Jumaniýazowyň we onuň şägirtleri Merdan Babajanowyň we Merdan Kakabaýewiň nakgaş eserleri görkezildi.

1

Annageldi Jumaniýazowyň portretlerinde, peýzažlarynda we natýurmortlarynda döwrebap çeperçilik akymlarynyň esaslary we milli sungatymyzyň äheňleri şöhlelendirilýär.

3

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Kakabaýewiň nakgaş eserlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy, türkmen halkynyň medeni mirasy, aýdym-saz sungaty we binagärlik ýadygärlikleri şekillendirilýär.

4

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 90-njy orta mekdebiniň mugallymy Merdan Babajanowyň döredijiliginde asudalyk, parahatçylyk we maşgala abadançylygy wasp edilýär.

5

Sergi türkmen şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesiniň dowam edip gelýändigini aýdyň görkezýär. Sergi 5-nji aprele çenli dowam eder.

6

2

ORIENT

Foto: Guramaçylar tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: